TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri satyn alyndy
25.10.2024 | 09:56 |24-nji oktýabr, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri satyn alyndy.
Owganystanyň telekeçileri suwaldylan gazy satyn almak barada “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 245 250 amerikan dollara barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.