Iň täze habarlar

CNPC Türkmenistanda ilkinji Luban ussahanasynyň döredilmegine gatnaşar

21.10.2024 | 02:55 |
 CNPC Türkmenistanda ilkinji Luban ussahanasynyň döredilmegine gatnaşar

18-nji oktýabrda, anna güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şansi welaýatynyň dolandyryş merkezi Siýan şäherinde bilelikde “Luban” ussahanasyny döretmek boýunça Şansi bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu işler Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda bilim pudagynda ýakyn aragatnaşyklary görkezmek bilen çäklenmän, ýurduň ykdysady we durmuş ösüşi üçin ýokary hünärli zehinleriň ösmegine goşant goşýan möhüm hyzmatdaşlyk taslamasydyr.

Ähtnama laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sian Şiýu uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasy we Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasy (CNPC) Türkmenistanda bilelikde “Luban Workshop” açarlar.

Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda “Luban” ussahanasy Türkmenistan geologiki çeşmeleri gözlemek, maglumat ulgamlary we tehnologiýa pudagy ýaly hünär ugurlarynda resmi we akademiki däl bilimde zehinleri ösdürer. Şeýle-de şöhbetdeşlik we hyzmatdaşlyk üçin täze meýdança döretmek maksady bilen mugallymlaryň we talyplaryň özara saparlary, ylmy-barlag işleri we maglumat alyş-çalşygy gurnalar.

Bu özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama şeýle-de magistr, bakalawr we hünär bilimini doly öz içine alýan dünýäde ilkinji “Luban ussahanasy” diýip, “CGTN” habarynda tassyklaýar.

Öňde goýlan maksatlaryň biri – önümçilik bilen integrasiýa bolup, Türkmenistan bilen energiýa pudagynda üstünlikli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga eýe bolan CNPC-iň gatnaşmagy muňa şaýatlyk edýär.

Hytaýyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygyndaky “Luban ussahanasy” taslamasy, Hytaý tehnologiýasy we Hytaý önümleri bilen tanyş hünärli işgärleri ösdürmegi maksat edinýän halkara hünär bilim ülňülerini öňe sürýär we durmuşa geçirýär.

ORIENT news

Foto: CFP

Şeýle hem okaň: