Ýewropa Aýy we Marsy ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa bilen üpjün eder
21.10.2024 | 10:56 |Ýewropada ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamy dörediler. “Aý yşygy” (Moonlight) atly degişli maksatnama Milanda Ýewropa älem agentligi tarapyndan girizildi.
Onuň maksady – Aýda, soňra bolsa Marsda ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamyny üpjün etmek. Şeýlelikde, bu işler üçin Aý gapdalyndaky orbitada bäş sany hemra-retranslýator toparçasy dörediler. Hyzmatlar döwlet we hususy kompaniýalara hödürlener.
Taslamanyň ilkinji hemrasy 2026-njy ýylda goýberilip, hyzmatlar bolsa 2028-nji ýylda elýeterli bolar. Hususan-da, Lunar Pathfinder hemra-retranslýatory ilkinji bolup goýberiler, onuň önümçiligini Surrey Satellite Technology Ltd (SSTL) kompaniýasy ýerine ýetirer.
Geljek 20 ýylyň dowamynda 400-den gowrak aý goýberişleriň amala aşyryljakdygyna garaşylýar, we olaryň her birisine Ýerdäki we Aý gapdalyndaky orbitada ýerleşýän stansiýalar bilen aragatnaşyk zerur bolar.
Milanda maksatnamanyň döredilmegi baradaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasynda Ýewropa älem agentliginiň Baş direktory Ýozef Aşbaher agentligiň söwda aý bazarynyň geljegini, häzirki we geljekdäki aý goýberişleri goldamak babatda aýgytly ädim edýändigini belledi. Şeýle-de, ol mundan belýäk köpsanly kompaniýalar we döwlet edaralary enjamlar üçin serişde tygşytlap aragatnaşyk barada pikir etmeli bolmazlar diýip aýtdy.
ESA-dan başga-da, Moolight maksatnamasyna NASA, JAXA we dünýäniň köpsanly kompaniýalary gatnaşýar.
ORIENT news