QazaqGaz we CNPC gazak gazynyň eksporty we üstaşyr geçirilmegi barada maslahatlaşdylar
19.10.2024 | 10:31 |Gazagystanyň QazaqGaz milli gaz kompaniýasy we Hytaýyň CNPC milli nebit-gaz kompaniýasy gazak gazynyň eksporty we üstaşyr geçirilmegi barada maslahatlaşdylar.
Bu baradaky mesele “QazaqGaz” milli kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň müdirliginiň başlygy Sanžar Žarkeşow bilen Merkezi Aziýa we Russiýa boýunça CNPC kompaniýasynyň baş direktory Çen Huaýlunyň arasynda geçirilen duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, milli kompaniýanyň habarlar gullugy belleýär.
Taraplar Gazagystanda bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gazyň geologiýa gözlegleri boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.
Mundan ozal Gazagystan Respublikasynyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň HHR-e iş saparynyň dowamynda kompaniýalar täze taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerine garadylar.
ORIENT news