Aşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylar
17.10.2024 | 23:45 |16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy - Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.
“Harydyň daşky görnüşi belli bir derejede onuň söwda üstünligini kesgitleýär. Käbir ýagdaýlarda hut onuň özi alyjylara bir harydy beýlekiden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk alamaty bolup durýar. Bütin dünýädäki kompaniýalar toparyň brendiniň, mahabat masatlarynyň we alyjylary çekmegiň netijeli öňegidişligi üçin senagat nusgalaryny giňden ulanýarlar” – diýip, Grigoriý Iwliýew aýtdy.
Senagat nusgasynyň hukuk goraglylygy dizaýna, şol sanda harydyň görnüş we reňk baradaky çözgüdine bolan aýratyn hukuklaryny almaga mümkinçilik berýär. Goraglylyga eýe bolmak üçünji şahslara hukuk eýesiniň razyçylygy bolmazyndan dizaýni ulanmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýewraziýa sebitinde senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamy 2021-nji ýylda döredildi. Dizaýni bellige almak Ýewraziýa patentini almagy bilen meňzeşdir – birbada 8 ýurtda. Islegleriň sany ýylsaýyn artýar. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda 40 % köp isleg arzalary kabul edildi.
Saparyň çäklerinde Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Türkmenistanyň DIM-nde kabul edildi. Iwleýewiň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasy bilen bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasynyň işjeň gatnaşyjylarynyň biridigi we Guramanyň esasy resminamasy – Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna goşulan ilkinji döwletdigi barada aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy milli derejede, şol sanda hususy eýeçilik obýektlerini goramak boýunça kanunçylyk binýady kämilleşdirmek we onuň halkara kanunçylygyna laýyk gelmegini maksat edinýän Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy boýunça alnyp barylýan möhüm işler barada belledi.
DIM-niň habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, taraplar ÝPG bilen tejribe hyzmatdaşlygyny, şonuň içinde milli işgärleriň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de intellektual eýeçiligini goramak bilen bagly hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news