Täze "SpaceX Starlink" hemralary asmanda öňkülerinden has ýagty şöhle saçýarlar
07.08.2024 | 23:40 |SpaceX Ýer şarynyň daşyndan göni aragatnaşygyň müňlerçe hemralary (DTC, direct-to-cell) bar bolan “älemdäki öýjükli aragatnaşygyň diňlerini” döretmekçi. Olar smartfonlara “asmanyň görünýän ähli ýerinde” aragatnaşygy hödürlärler. Starlink DTC hemralarynyň adaty Starlink bilen deňeşdirilende has ýokary ýagtylygy onuň 350 km beýiklikde Ýer şarynyň daşynda aýlanýanlygy bilen düşündirilýär. Şeýlelikde adaty Starlink internet-hemralarynyň beýikligi 550 km barabar.
2024-nji ýylyň ýanwarynda, Starlink DTC hemralarynyň birinji toparyndan alty sanysynyň orbita çykarylyndan bir hepde geçen soň, SpaceX olaryň birisini tekst habarlaryny ibermek üçin ulandy. Maý aýynda kompaniýa wideo jaňlaryň üstünlikli görkezilşini geçirip, 2024-nji ýylyň soňunda T-Mobile operatory bilen abonentleri üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny girizmek boýunça iş alyp barýandygyny aýtdy.
Häzirki wagtda ýere golaý pes orbitada 100 sany DTC hemralary ýerleşdirildi, olaryň 13-si geçen hepde göýberilen hemralardyr. Mart aýynda DTC hemralarynyň ilkinji toparynyň üstünlikli synagdan geçeninden soň SpaceX ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça Federal komissiýasyndan ygtyýarnamanyň täzelenmegini sorady. Bu bolsa öz gezeginde ýere golaý pes orbitada 7500 DTC-e çenli ulanmaga mümkinçilik berer.
SpaceX adaty Starlink üçin ýagtylygy peseltmek usullaryny 2020-nji ýylda astronomlaryň şikaýatlaryna jogap hökmünde ulanyp başlady. iXBT.com saýtynyň berýän maglumatlarynda bellenilişi ýaly, barlagyň geçirilen döwründe SpaceX DTC hemralary üçin özüniň ýagtylygy peseltmek adaty usullaryny entek ulanmandyr.