Iň täze habarlar

Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar

06.08.2024 | 12:10 |
 Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar

Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministrliginiň beýanynda habar berildi.

Şeýlelik bilen, Mumbaýda ýerleşýän “Tata Group” hindi transmilli kompaniýasy Hindistanyň gündogaryndaky Assam ştatynda uly ýarymgeçiriji zawodyň gurluşygyna girişdi.

Zawodyň gurluşygynyň bahasy 3,2 milliard dollara barabar bolup, onuň taslamasynyň kuwwaty bolsa günde 48,3 million çip öndürmäge niýetlenendir.

Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministri Aşwini Waýşnawyň aýdyşy ýaly, kärhana “Wire Bond”, “Flip Chip” we “I-SIP” tehnologiýalaryny öz içine alýan ýarymgeçirijini işläp taýýarlamak üçin ýerli tehnologiýalarynyň ösüş meýdançasy bolar.

Bu tehnologiýalar awtoulag önümçiliginde esasanam elektrik ulaglary, aragatnaşyk, tor infrastrukturasy we başgalar ýaly esasy pudaklar üçin diýseň möhümdir.

Şol bir wagtyň özünde, Hindistan maliýe höweslendirmeleri arkaly daşary ýurt kompaniýalaryny özüne çeker we amatly şertleri döreder.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Gujarat ştaty “Micron Technology” bilen sebitde zawod döretmek barada şertnama baglaşdy, umumy maýa goýumynyň takmynan 3 milliard dollara barabar bolmagy mümkin. Eýýäm 2024-nji ýylyň dekabrynda önümçilige başlar diýlip garaşylýar. Geçen ýylyň ahyrynda Taýwanyň “Foxconn” kompaniýasy çip önümçiligini Hindistanda ýerleşdirmek üçin ýüz tutdy.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: