Iň täze habarlar

Hytaý ähli internet ulanyjylarynyň her birine aýratynlykda ID bermek isleýär

06.08.2024 | 11:05 |
 Hytaý ähli internet ulanyjylarynyň her birine aýratynlykda ID bermek isleýär

Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti täze milli internet ID ulgamynyň ornaşdyrylandygyny habar berdi.

Bu başlangyç onlaýn giňişlikde howpsuzlygy üpjün etmek we anonimlige garşy göreşmek üçin niýetlenendir. Bu döwlet edaralary tarapyndan berlen özboluşly kesgitleýjini ulanyp, internet ulanyjylaryny hökmany hasaba almagy öz içine alýar.

Hytaýyň ähli internet ulgamlarynynda ulanyjylar hasaba alnanda soň ulanyjylaryň şahsyýetini barlamak we hasaplaryny ýeke-täk şahsyýet belgileri bilen baglanyşdyrmak talap ediler.

Ministrlikleriň we edaralaryň wekilleriniň pikiriçe, ID milli internet ulgamy, raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň internet ulgamlary arkaly aşa köp ýygnamagyny we saklamagyny azaldar.

“Bu ID-internet ulgamy bilen siziň ulgamda her bir ädimiňize ähli sanly yzlaryňyza yzygiderli gözegçilik ediler” – diýip, “Hong Kong Baptist University” uniwersitetiniň žurnalistika boýunça dosenti Rouz Lukýu belledi:

Başlangyç tapgyrda täze ulgamy ulanmak meýletin bolar.

ORIENT news

Foto: obr.so

Şeýle hem okaň: