Iň täze habarlar

Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Nikaraguanyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.

02.07.2024 | 01:10 |
 Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Nikaraguanyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.

1-nji iýulda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Taraplar kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem şol gün Tatýana Daniela Garsiýa Silwa Türkmenistanyň DIM-de kabul edildi. Daşary işler ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa we Nikaraguanyň täze ilçisi ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esas goýujy resminamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin Parlamentara türkmen-nikaragua dostluk toparyny döretmek teklip edildi.

ORIENT news

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: