Iň täze habarlar

Hytaý Şençžen--Çžunşan ulag ulgamynyň gurluşygynda 10 dünýä rekordyny goýdy

05.07.2024 | 14:50 |
 Hytaý Şençžen--Çžunşan ulag ulgamynyň gurluşygynda 10 dünýä rekordyny goýdy

Hytaýda Şençžen hem-de Çžunşan şäherlerini birleşdirýän köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň ulgamy açyldy.

Bu özboluşly ulag ulgamynyň gurluşygy 7 ýyl dowam etdi. Bu ulgam özünde emeli adalary hem jemleýär. Olaryň arasynda suwasty geçelgeler çekildi. Adalar gury ýer bilen köprüler arkaly baglanyşýar. Şäherleriň arasyndaky ýoluň umumy uzynlygy 24 kilometre deňdir.

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu taslama durmuşa geçirilende 10 sany dünýä rekordy goýuldy.

Ýer hereketine hem-de howpsuzlyk ulgamlarynyň işine robotlar gözegçilik edýärler. Olar hadysanyň bolan ýerine dessin gelip hem-de dolandyryş merkezinden görkezmeleri berip bilýärler.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: