Iň täze habarlar

Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada ylalaşyk gazandylar

05.07.2024 | 14:47 |
 Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada ylalaşyk gazandylar

Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdiler.

Resminama Astanada geçen gazagystan-hytaý işewürlik geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde «Славтранс-Сервис», PJ Xi'an Free Trade Port Construction andOperation Co., Ltd. hem-de "КTZ Express PJ-niň arasynda gol çekildi.

Şeýle hem Hytaý, Russiýa we Gazagystan konteýnerli ýük daşamalaryň bitewli sanly plaformasyny döretmek baradaky ylalaşdylar.

Utgaşdyrylan strategik ulgam bolan bu platforma özünde gümrük ammarlaryny, elektron söwdany we beýleki ugurlary jemleýär. Munuň özi, logistikany we gümrük ammarlaryny ep-esli ýeňilleşdirer, elektron söwdanyň ösdürilmegine ýardam berer we harytlary ibermek zynjyrynyň aýdyňlygyny we netijeliligini ýokarlandyrar.

ORIENT news

Foto: ritmeurasia.ru

Şeýle hem okaň: