Iň täze habarlar

GDA ýurtlarynyň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemini jemlediler

05.07.2024 | 14:55 |
 GDA ýurtlarynyň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemini jemlediler

Minskde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde GDA ýurtlarynyň hemişelik wekilleri 24-nji maýda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň jemini jemlediler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem hemişelik doly ygtyýarly wekiller kabul edilen resminamalary we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirmeli wezipeleri kesgitlediler.

Hususan-da, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi 2035-nji ýyla çenli döwür üçin energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň Konsepsiýasyny we ony durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasyny, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA agza ýurtlaryň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturany kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça hereketleriň Meýilnamasyny, Bilelikdäki milli telemedisina ulgamlaryny döretmek we olary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga girizilen üýtgetmeleri tassyklady.

Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriň Geňeşiniň agzalary 7-8-nji oktýabrda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň gün tertibine girizilen taslamalar baradaky teklipleri gözden geçirdiler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň indiki mejlisi 30-njy iýulda geçiriler.

ORIENT news

Foto: cis.minsk.by

Şeýle hem okaň: