Iň täze habarlar

Özbegistanyň Prezidenti Türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady

29.06.2024 | 17:10 |
 Özbegistanyň Prezidenti Türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady

29-njy iýunda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Özbegistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň yzygiderli ösüşindäki hem-de onuň halkara giňişliginde abraýynyň ýokarlanmagyndaky, şeýle hem köptaraplaýyn özbek-türkmen dostluk gatnaşyklarynynyň, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyndaky uly goşandyny belledi diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi bellenildi. Özara hary dolanyşygy artýar, serhetýaka söwda zolagy döredilýär, ykdysadyýet we ynsanperwer ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň dürli meselerine garaldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: