Iň täze habarlar

«Gazprom» iýul aýynda öz emeli hemralarynyň önümçiligini ýola goýar

01.07.2024 | 11:10 |
 «Gazprom» iýul aýynda öz emeli hemralarynyň önümçiligini ýola goýar

Russiýanyň transmilli energetika kompaniýasy «Gazprom» beýleki pudaklara hem işjeň gatnaşyp başlady we «Smotr-W» toplumyna degişli kosmos enjamlaryny öndürmek üçin gurnama liniýasyny işe girizmäge taýýarlanýar.

Gurnama liniýasy eýýäm indiki aýda işe giriziler.

Mundan başga-da, kompaniýa 2025-nji ýylda birnäçe hususy maýadar bilen hyzmatdaşlykda hepdede azyndan iki emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär.

«Gazprom SPKA-nyň» baş direktorynyň orunbasary Sergeý Masalowyň bellemegine görä, şu ýylyň awgust aýynda iki sany demonstrator taýýar bolar, olar soňra düýpli synag ediler.

«Gazprom SPKA» bölüminiň resmi saýtynda bu kärhananyň aragatnaşyk we Ýere uzakdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen kosmos enjamlaryny öndürmäge, şeýle hem olary synagdan geçirmäge gönükdirilendigi habar berilýär.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: