Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna ýetirýär

28.03.2024 | 10:21 |
 Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna ýetirýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň raýatlaryna «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine» degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigini habar berýär.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanandyr.

Şeýle hem Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä hem degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmedi.

Gözükdiriji Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80-nji buýrugy bilen tassyklandy we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alyndy.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: