Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany

15.03.2023 | 23:58 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň

PERMANY

Çagyryş boýunça harlby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edarallaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

  1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2023-nji ýylyň aprel— iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.

  2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2023-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

  3. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Foto: Watan

Şeýle hem okaň: