Iň täze habarlar

Gurban Berdiýewiň tälimini alan oýunçylardan düzülen Russiýanyň simwoliki ýygyndysy

12.06.2022 | 04:20 |
 Gurban Berdiýewiň tälimini alan oýunçylardan düzülen Russiýanyň simwoliki ýygyndysy

Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ady russiýaly janköýerleriň we futbol bilermenleriniň arasynda giňden tanyşdyr. Onuň Gazagystanyň «Kaýrat» klubunyň baş tälimçisiniň wezipesi bilen hoşlaşmagy Gurban Bekiýewiçiň daşyndaky gürrüňleri has-da gyzyşdyrdy. Gurban Berdiýew entek hiç bir komandany kabul etmänkä, biziň saýtymyz onuň baş tälimçi bolmagyny gazandy. Ýöne onuň wirtual komandadygyny, ýagny simwoliki ýygyndydygyny ýatladýarys.

Türkmenistanly hünärmen uzak ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň dürli toparlaryny türgenleşdirdi. Olaryň arasynda iň uly üstünligi Kazanyň «Rubini» bilen gazandy. Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Russiýanyň birinji ligasyndan (FNL) ýokary ligasyna (RPL) çykan «Rubin» Kazanyň futbol klubunyň taryhyndaky iň uly üstünliklerini türkmen tälimçisi bilen gazandy.

Символическая сборная Курбана Бекиевича

Gurban Berdiýewiň tälimini alan oýunçylaryň aglabasy Russiýanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi. Olaryň arasynda Sergeý Semak we Artýom Dzýuba ýaly ozaldan çykyş edip ýörenleri bolaýmasa, aglabasy hut Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda oýnan wagtlary milli ýygynda çakylyk aldylar.

«Rostow» klubunda bolsa gysga wagtda kümüş medal gazanmagy başaryp, soňlugy bilen Ýewropanyň kubok ýaryşlarynda uly gowur turuzdy. Şol döwürde Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesowa «Rostowyň» gorag liniýasyny tutuşlygyna milli ýygynda geçirmegi maslahat berenlerem tapylypdy. Şeýlelikde, dürli ýyllarda Gurban Berdiýewiň tälimini alan oýunçylardan düzülen Russiýanyň baş komandasynyň simwoliki ýygyndysyny okyjylara hödürleýäris.

Soslan Janaýew (derwezeçi) . 2009-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda milli ýygynda çakylyk aldy. 2016-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Rostowda» Gurban Berdiýewiň işleýän wagty Kosta-Rika bilen geçirilen oýunda ilkinji gezek meýdança çykdy. Ondan ozal Soslan Janaýewi hatda Russiýanyň klublarynda hem esasy derwezeçi edip oýnatmaga ýaýadanypdyrlar. Emma Witaliý Kafanow we Gurban Berdiýew bu tejribeli derwezeçini täzeden uly futbola gaýtaryp getirdiler. Şeýlelikde, ol 29 ýaşynda milli ýygyndyda çykyş etdi.

Iwan Nowoselsew (goragçy) . Russiýanyň milli ýygyndysynyň ýetginjekler we ýaşlar düzüminde-de çykyş edip görmändir. Milli ýygyndada bolsa türkmen hünärmeniniň «Rostowda» baş tälimçi wagtynda oýnap başlady. Ol 2015-nji ýylyň 31-nji martynda Gazagystan bilen geçirilen oýunda ilkinji gezek Russiýanyň baş komandasynyň düzüminde meýdança çykdy. Iwan Nowoselsew «Himkiniň» futbol mekdebiniň uçurymy bolsa-da, Rostow şäheriniň komandasynda türkmen hünärmeniniň ýolbaşçylygynda futbolçy hökmünde meşhurlyk gazandy.

Roman Şaronow (goragçy) . Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Rubin» ýokary ligada oýnap başlan wagtlary, ýagny 2003-nji ýylyň 4-nji martynda Germaniýa bilen geçirilen oýunda Russiýanyň 2-nji ýygyndysynyň kapitany hökmünde meýdança çykyp, şol oýunda tapawutlanýar. 2004-nji ýylyň 31-nji martynda Bolgariýa bilen geçirilen oýunda baş komandada çykyş edip başlady. Ol «Rubiniň taryhynda Russiýanyň milli ýygyndysynda oýanan ilkinji oýunçy hökmünde hasaba alynýar. 2004-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň Portugaliýada geçirilen final böleginde çykyş etdi.

Wladimir Granat. (goragçy) . 2013-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Lýuksemburg bilen geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda ilkinji gezek milli ýygyndynyň düzüminde meýdança çykdy. 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň final böleginde hem oýnady. Ol Ispaniýa bilen geçirilen 1/8 finaldaky taryhy oýunda gazanylan ýeňşe hem goşant goşdy.

Fedor Kudrýaşow (goragçy) . 2016-njy ýylyň 31-nji awgustynda, ýagny «Rostowda» Gurban Berdiýewiň wise-prezident bolup işleýän wagtynda Türkiýe bilen geçirilen oýunda Russiýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda 1-nji oýnuny geçirdi. 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Russiýanyň geçiren 5 oýnunyň 4-sinde meýdança çykdy.

Sergeý Semak (ýarymgoragçy) . «Zenidiň» häzirki baş tälimçisi Sergeý Semak 1997-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Italiýa bilen geçirilen dünýä çempionatynyň pleý-off oýnunda 1-nji gezek milli ýygyndyda oýnpdy. 2005-nji ýyla çenli Russiýanyň baş komandasynda çykyş eden Semak PSŽ-de az wagtlyk oýnansoň, öz ýurduna dolandy. Şol döwürde Sergeý Semak hiç bir klubda-da durnukly oýun görkezmedi. Diňe Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Rubinde» oýnap başlansoň, uzak arakesmeden soňra ony ýene-de milli ýygyndyda görmek islediler. Şeýlelikde, 2008-nji ýylda Russiýa Ýerwropa çempionatynyň bürünç medalyny gazananda Sergeý Semak şol ýygyndynyň kapitany boldy.

Dmitriý Poloz (ýarymgoragçy) . 2014-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Azerbaýjan bilen geçirilen oýunda mili ýygyndyda çykyş edip başlan bu ýarymgoragçynyň futbolçy hökmünde adykmagyna gönüden-göni Gurban Berdiýew sebäp boldy. Ol 2017-nji ýyldaky Konfederasiýa kubogynda Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3 oýna gatnaşdy. Soňra bolsa «Zenitde», «Rubinde», «Soçide» çykyş edip, ýene-de «Rostowa» dolandy.

Aleksandr Ýerohin (ýarymgoragçy) . 2016-njy ýylyň 31-nji awgustynda Türkiýe bilen geçirilen ilkinji oýundan soňra milli ýygyndyda yzygiderli oýnady. 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Ispaniýa bilen geçirilen 1/8 finaldaky taryhy oýnuň goşmaça wagtynda ätiýaçdan oýna girizilen 4-nji oýunçy boldy. Oýunçy çalyşmak düzgünine girizilen täzelik ilkinji gezek Aleksandr Ýerohiniň mysalynda güýje girdi. Bu oýunçy Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Rostowda» görkezen durnukly oýunlaryndan soňra Russiýanyň baş komandasyna çakylyk alypdy.

Aleksandr Rýazansew (ýarymgoragçy) . «Torpedo» klubunyň futbol mekdebiniň uçurymy bolsa-da, bu ýarymgoragçy türkmen hünärmeniniň tagallasy bilen Kazanda ezber fubolçy hökmünde tanalyp başlady. 2011-nji ýylyň 7-nji iýunynda Kamerunyň garşysyna geçirilen oýun onuň Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki ilkinji duşuşygydy.

Aleksandr Buharow (hüjümçi) . «Rubiniň» düzüminde «2B» çykyş edýär» diýlen döwürleri janköýerleriň ýadyndadyr. Şol «2B» Aleksandr Buharow bilen türkmenisatnly hüjümçi Wladimir Baýramowdy. Gurban Berdiýewiň baştutanlygynda barha ynamly çykyş eden hüjümçini milli ýygyndyda hem görmek islediler. Şeýlelikde, ol 2014-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Azerbaýjan bilen geçirilen oýunda Russiýanyň baş komandasynyň hatarynda 1-nji oýnuna gatnaşdy.

Artýom Dzýuba (hüjümçi) . «Spartakdan» «Rostowa» kärendesine berlen bu hüjümçi täze toparyndaky ilkinji oýnuny 2013-nji ýylyň 15-nji iýunynda oýnapdyr. 2014-nji ýylda Gurban Berdiýew Rostow şäherinde geljekde Ýewropada ady eşidiljek komandanyň düýbüni tutan mahaly Artýom Dzýuba şol ýerde çykyş edýärdi. Emma ol uzaklaşman «Spartaga» dolandy, soňra bolsa «Zenit» bilen şertnama baglanyşdy. Onuň 2011-nji ýylyň noýabrynda Gresiýa bilen geçirilen oýunda ilkinji gezek Russiýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda meýdança çykandygyny ýatladýarys.

Baş tälimçi Gurban Berdiýew. Aşgabatda doglan we uly futbola ýollanmany Türkmenistanda alan ildeşimiz tutuş GDA-nyň çäginde hem, hatda Ýewropada hem tanalýan hünärmenleriň biridir. Çünki Hosep Gwardiola öz tälim beren «Barselonasy» bilen «Kamp Nou» stadionynda Gurban Berdiýewiň türgenleşdirýän «Rubininden» utulanda türkmen kärdeşinden döwüniň pes gelendigini boýun alypdy. Madridiň «Realynyň» UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky 14-nji kubogyny gazanmagyna sebäp bolan Karlo Ançelotti bolsa Gurban Berdiýewiň wise-pezident hökmünde başynda duran «Rostowyndan» (baş tälimçi Aşgabat doglan hünärmen Iwan Danilýansdy) asgyn gelipdi. Ol Kazanyň we Rostowyň komandalarynyň taryhyndaky iň uly üstünlikleriniň gözbaşynda durmak bilen bilelikde, Ýerwropada hem türkmeniň adyny ýaýypdy. Şeýlelikde, türkmen hünärmeniniň tälimini alýan futbolçylar Ýewropanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlarda «Çelsi», «Atletiko», «Anderleht», «Aýaks» ýaly läheň klublaryň ençemesinden üstün çykypdy. Şoňä göre-de, şol oýunçylaryň Russiýanyň milli ýygyndysyna çakylyk almagy-da, olardan tutuş bir komandanyň emele gelmegi-de kanunalaýyklyk bolup durýar.

Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylygynda «Rubiniň» myhmançylykda «Barselonadan» üstün çykan oýnunda şu mysaly ýygyndynyň agzalaryndan 3 oýunçy bardy (Şaronow, Semak, Rýazansew). Olardan Rýazansew şol oýunda hasaby açypdy. «Rostowyň» ady äleme dolan «Bawariýadan» üstün çykmagyna bolsa türkmen tälimçisiniň elinde oýnan futbolçylaryň 5-si (Janaýew, Kudrýaşow, Granat, Poloz, Ýerohin) goşant goşupdy. Olaryň arasynda Ýerohin bir goly tora salypdy.

Hojaberdi APBAÝEW

Şeýle hem okaň: