BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi
10.09.2024 | 14:12 |2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylyp, onuň awtordaşy bolup 87 ýurt çykyş etdi diýip, “TDH” habar berýär. Kararnamanyň maksady – sportda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de sport çäreleriniň geçirilmegi bilen parahatsöýüjilik başlangyçlaryny öňe sürmek bolup durýar.
Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara arenasynda sporty ösdürmek babatynda amala aşyrýan işilerine berilen ýokary baha boldy.
Türkmenistan halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, iri sport ýaryşlaryny gurnamak bilen sport mümkinçilikleriniň ýurdy hökmünde öz ornuny has-da berkidýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy bu Kararnamasy bilen sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sport babatda döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki Türkmenistanyň tagallalaryny goldady.