Iň täze habarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti saýlandy

08.09.2024 | 21:40 |
 Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti saýlandy

Nýu-Delide Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 44-nji Baş Assambleýasy geçirilýär. Onuň çäginde Guramanyň ýolbaşçy wezipeleri üçin saýlawlar geçirildi.

Saýlawlarda Gurama wagtlaýyn ýolbaşçylyk eden Raja Randhir Sinh, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti wezipesine saýlandy. Şeýle hem bäş sebit boýunça wise-prezidentler saýlandy.

08092024- vice-prezident-osa-po-centralnoaziatskomu-regionu(2).jpg

Otabek Umarow Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Eýran we Owganystan ýaly Merkezi Aziýa sebitleri boýunça Guramanyň wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Ondan öň Umarow Daşkent-2025 Aziýa ýaşlar oýunlarynyň wise-prezidenti bolup işledi. Indi ol Merkezi Aziýa ýurtlarynda Olimpiadanyň ösmegi ugrundaky işlere jogapkär bolar.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň web sahypasyna görä, Otabek Umarow, özüne bildirilen ynamy ödejekdigini we sebitde Olimpiýa oýunlarynyň arassa we asylly ideýalary has giňden ýaýratmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

ORIENT news

Foto: oca.asia

Şeýle hem okaň: