Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça Çagalaryň milli maslahaty geçirildi
10.09.2024 | 11:11 |2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda “Algoritm” okuw merkezi Howanyň üýtgemegi boýunça Çagalaryň milli maslahatynyň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi.
Gatnaşyjylaryň arasynda 12-17 ýaş aralygyndaky çagalar, DÖM-niň ýaş ilçileri, Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasynyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti hem-de BMG-niň edaralarynyň hünärmenleri bar.
Gatnaşyjylar ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde öz çözgütlerini teklip etmek üçin ýygnanyşdylar.
Birleşen Milletler Guramasy howanyň üýtgemegini häzirki zaman ählumumy derejesindäki has wajyp meseleleriniň biri hasaplaýar. Ekologiýa durnuklylygynyň meselelerini çözmeklik BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) öz borçnamasyny ýerine ýetirip, dünýädäki goraglylyga mätäç çagalary goramak işinde zerurdyr.
ORIENT news