Iň täze habarlar

Petronas 50 ýaşady: Aşgabatda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baýramy

09.09.2024 | 01:14 |
 Petronas 50 ýaşady: Aşgabatda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baýramy

Petroliam Nasional Berhad – dünýä işewürleriniň arasynda meşhur bolan Malaýziýanyň iri döwlet nebit-gaz kompaniýasy. Emma ol Petronas gysgaldylan ady bilen has gowy tanalýar!

Ol 50 ýyl mundan ozal, 1974-nji ýylyň awgust aýynda Malaýziýanyň nebit-gaz senagatyny millileşdirmek maksady bilen döredildi. Gysga wagtyň içinde ozal kiçijik bolan kompaniýa dünýä energetika pudagynyň liderleriniň birine – ählumumy derejedäki gatnaşyja öwrülip, Ýer şarynyň energetika geljeginiň döredilmegine işjeň gatnaşýar.

Şu ýyl Petronas öz 50 ýaş ýubileýini belleýär. Bu diňe kompaniýanyň işgärleriniň baýramçylygy bolman, 28 ýyldan bäri, ýagny öz döredilen döwrüniň ýarysyndan gowrak hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürip gelýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň taryhynda aýratyn pursatdyr.

Petronasyň başlygy öz türkmen edarasyna “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd.” ýaly uzyn manyly at dakdy. Iki ýurtda geçirilen dabaraly çäreler berk dostlukly gatnaşyklarynyň we özara hormat goýmagyň subutnamasy boldy. Iki ýurduň hökümeti Petronas kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşine goşan goşandyna ýokary baha berip, mundan beýläk hem üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna ynam bildirdiler.

Malaýziýanyň özünde Petronasyň 50 ýaş baýramçylygy giňden bellenildi. Bütin ýurt boýunça edil Olimpiýa oýunlaryndaky ýaly iki sany alaw ody göterildi.

Olar öz ýoluna kompaniýanyň baş binasy bolan Ekizler binasyndan başladylar.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (2).jpg

Eger-de Petronas Malaýziýanyň ykdysady we tehnologiýa ösüşiniň nyşany bolan bosla, Kuala-Lumpurdaky Ekizler binasy dünýä meşhur arhitektura binalarynyň biri bolup, ýurduň hem kompaniýanyň ýüzi hasaplanylýar.

Iki alaw ody hem Malaýziýa boýunça dürli ugurlardan, ýagny Petronas kompaniýasyna degişli binalaryň ýerleşen ýerleri boýunça (okuw binalary, kompaniýa tarapyndan taslamalar we beýleki işleriň alnyp barylýan ýerleri) ýoluny dowam etdiler.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, alaw otlary diňe bir ýoluny dowam etdirmän, eýsem olar ýol boýunça ýaşaýjylaryň arzuw-isleglerini ýerine ýetirýärdiler. Kompaniýanyň 50 ýaşy mynasybetli bu 50 gezek gaýtalandy.

Ýurt boýunça syýahat edip, alaw otlary dogduk öýüne – Ekizler binasyna dolanyp bardylar.

Ol ýerde uzak wagtlap galman, olar täzeden ýola rowana boldular. Bu gezek bolsa Petronas kompaniýasynyň taslamalary alnyp barylýan dürli yklymlaryň daşary ýurtlaryna ýola düşdüler.

“Alaw otlarynyň ilkinji baran ýurdy haýsysy boldy?” diýip sorag berjek däl.

Elbetde siz eýýäm jogabyny bilýänsiňiz: “Petronasyň alaw odunyň ilkinji baran ýurdy Türkmenistan boldy!”

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (3).jpg

Bu ýerde kompaniýanyň baýrmaçylygy halkymyza mahus bolan myhmansöýerlik bilen bellenildi – ilki Aşgabatda, soňra Gyýanlyda, soň bolsa ýene-de Aşgabatda.

Alaw ody türkmen topragynda şeýle ýollary geçdi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde alaw oduny göteren wekil garşylanyp, dabaraly ýörüş düzüldi hem-de “Toý mekany” dabaraly zala tarap ugraldy.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (4).jpg

Şol wagt bolsa duşuşyk dabarasyna gatnaşyjylar uly monitorlarda onlaýn-görnüşde alaw odunyň hereketlerini yzarlaýardylar.

Şol gün “Toý mekanda” Petronas kompaniýasynyň işgärleriniň ýan-ýoldaşlary bilen bilelikde CNPC Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasy ýaly Türkmenistanda öz işini alyp barýan beýleki kompaniýalaryndan bolan kärdeşleri hem ýygnanyşdylar.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (5).jpg

Myhmanlar alaw odunyň ýörüşini yzarlan hem-de dürli toparlaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-saz dabarasyna tomaşa eden wagtlary, ýörüş eýýäm öz bellenilen ýerine ýetdi.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (6).jpg

Bu ýerde bolsa ajaýyp ahalteke atlarynda çapyksuwarlar düzüldiler.

Wekilden alaw oduny alyp, çapyksuwarlar ýoluny dowam etdiler.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (7).jpg

Olar hem türkmen topragynda alaw odunyň wagtlaýyn ýolagçylary boldy – girişde alaw ody “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd.” kompaniýasynyň iň ýaşuly işgärine gowşuryldy.

Petronas kompaniýasynyň ýerli edarasynyň tas açylaýan wagtlaryndan bäri işläp ýören Salman Guseýnow alaw oduny göterdi.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (8).jpg

Eýýäm zalyň içinde alaw oduny “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd.” kompaniýasynyň baş direktory jenap Ismadi bin Ysmaýyl kabul edti.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (9).jpg

Petronasyň öz işini alyp barýan dürli yklymlardaky ýurtlaryň baýdagyny göterýän ýaşlar we çagalar Malaýziýadan gelen wekili garşyladylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň ýaş wekili birinji bolup durdy.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (10).jpg

Myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen lowurdap duran ýylpyldylar zaly ýagtyltdylar.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (11).jpg

Petronas kompaniýasynyň nyşanyny we “50-lik” san zalyň ähli ýerlerinde görünýärdi – monitorlarda, bannerlerde, döş nyşanlarynda, egin-eşiklerde.

Işgärleriň kalbyna aralaşyp göz gezdirseň ol ýerde hem bu nyşanlar görünäýjek ýalydy.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (12).jpg

Petronas komaniýasynyň nyşany käbir myhmanlaryň ogulhajat barmagynyň dyrnajygynyň ujunda hem ýerleşdirilendi.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (13).jpg

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd.” kompaniýasynyň gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara gatnaşyklaryny dolandyrmak boýunça baş direktroy Albert Mehtiýew ORIENT saýtyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

• Döredilen ýylyndan 50 ýylynyň 28-sini Petronas Türkmenistan bilen hymztdaşlygy alyp barýar. Bu bolsa özara ynanyşmak, innowasiýa ýörelgelerine we durmuş jogapkärçiligine esaslanýan üstünligiň uzak taryhydyr.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (14).jpg

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd.” kompaniýasynyň Baş direktory jenap Ismadi bin Ysmaýyldan “Onuň pikiriçe bu günki duşuşyk nähili geçdi-kä?” diýip soran wagtym, ol ony gurşap alan duýgularyndan ýaňa söz tapman, el hereketi bilen hemme zat örän gowudygyny görkezdi!

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (15).jpg

Umuman aýdamyzda, baýramçylyk ýerine bardy. Hemme gelen myhmanlar şadyýan bolup, bu duşuşygyň pursatlaryny ýatdan çykarmazlyk üçin surata almaga çalyşýardy.

09092024-50-let-petronas-prazdnik-v-ashhabade (16).jpg

Hem-de elleri öz dünýä boýunça syýahatyny Türkmenistandan başlan alaw ody bilen.

17.jpg

Bu mowzugy biz entek dowam ederis. Kime suratlar gerek bolsa ORIENT saýtyna ýüzlenip biler, mende olar ýeterlikdir!

Бекдурды АМАНСАРЫЕВ

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: