Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Gyrgyzystanyň Milli banky ýerli banklara tölegleri kabul etmegi we respublikanyň çägine haryt iberilmezden şertnamalar boýunça hasaplaşyklary geçirmegi gadagan etdi. Bu düzgün sazlaýjynyň degişli kararyndan gelip çykýar.
Bu karar ykdysady howpsuzlygy üpjün etmäge we maliýe durnuklylygyny saklamaga gönükdirilendir.
Karar resminamanyň çap edilen gününden üç hepde geçen soň güýje girer we bir ýylyň dowamynda hereket eder.
Täze düzgün döwlet tarapyndan ygtyýarly kompaniýalaryna degişli däldir. Olaryň sanawyny Gyrgyzystanyň hökümeti kesgitlär.
ORIENT news