Maýa goýum we hyzmatdaşlyk: TIF-2024 Maslahatynda Ahmet Çalygyñ çykyşynyñ esasy meseleleri
10.09.2024 | 16:51 |10-njy sentýabrda Türkmenistanyñ Halkara maýa goýum maslahatynda (TIF-2024) "Çalık Holding" dolandyryşyñ başlygy Ahmet Çalyk öz çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyñ hem-de ýurduñ ykdysadyýetiniñ esasy ugurlarynyñ ösdürulmegine maýa goýumlary çekmek meselesine aýratyn ähmiýet berdi.
Çalyk TIF-2024 ýaly çäreler dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin oñaýly şertleri hem-de iri taslamalary we işewürligi alyp barmagyñ täze ýollaryny açyp berýändigini belledi. "Uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen bazary halkara hyzmatdaşlyk üçin möhüm amatlyklary hödürleýär" - diýip, ol aýratyn belledi. Çalyk tebigy gazyñ gaýtadan işlenilmegi, gaz himiýasy we energetika ýaly pudaklaryna göni maýa goýumlarynyñ çekilmegine aýratyn üns berdi.
Şeýle-de ol "Çalık Holding" bilen Türkmenistanyñ arasyndaky uzak ýyllaryñ dowamynda alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlygy, esasan hem, energetika, saglygy goraýyş we dokma senagaty ýaly pudaklaryndaky gatnaşyklary barada aýdyp geçdi. Kompaniýanyñ gatnaşýan esasy taslamalarynyñ arasynda ol TOPH yklymlarasy gaz geçirijisi hem-de Hazar deñziniñ üstünden Türkiýe Respublikasyna elektrik energiýa üpjünçiligi boýunça taslamalary barada aýratyn belläp geçdi.
Çalyk hyzmatdaşlygyñ mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirip, kompaniýanyñ Türkmenistanda alyp barýan işiniñ özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy barada aýratyn nygtap geçdi.
ORIENT news