Iň täze habarlar

Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy ulanmak barada ylalaşyga gol çekmek kararyna geldiler

06.09.2024 | 12:44 |
 Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy ulanmak barada ylalaşyga gol çekmek kararyna geldiler

Beýik Britaniýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Emeli aňy (EA) ulanmak baradaky ilkinji halkara ylalaşygyna gol çekerler diýip, iňlis we halkara işewür gündelik “Financial Times” gazeti habar berdi.

Resminamanyň hökmany ýuridiki taýdan güýji bolar.

Bu resminama Kanada, Ysraýyl, Ýaponiýa we Awstraliýa ýaly 50-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan iki ýylyň dowamynda işlenip düzülen Ýewropa Geňeşiniň resminamasydyr. Ony kabul etmegiň zerurlygy çalt ösýän EA programma üpjünçiligine gözegçilik etmek üçin hökümetler tarapyndan işlenip düzülen täze düzgünleriň, borçnamalaryň we şertnamalaryň köpüsi bilen baglanyşykly.

Bularyň arasynda Ýewropada emeli aň hakyndaky kanuny (2024) we geçen ýylyň oktýabr aýynda ylalaşylan “Uly ýediligiň” (G7) ýurtlarynyň şertnamasy bar.

Ylalaşyga gol çeken tarapalaryň hemmesi emeli aň ulgamlaryndaky zyýanly ýa-da hukuklary kemsidiji mazmun üçin jogapkärçilik çekerler. Resminama deňligi we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini bozýan materiallaryň peýda bolmagyny gadagan edýär.

Beýik Britaniýanyň Ylym, innowasiýa we tehnologiýa ministri Piter Kaýl bu ädimiň innowasiýa we emeli anyň dünýäde çalt ösýändigi sebäpli aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem ol munuň bu ugurdaky hakyky çäreleri üpjün edýän we dürli ýurtlary birleşdirýän dünýäde ilkinji resminama bolup durýandygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň Ýewropa gymmatlyklary we aç-açanlygy boýunça orunbasary Wera Ýurowa köp sanly halkara hyzmatdaşlaryň ylalaşyga gol çekmäge taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news

Foto: armenpress.am

Şeýle hem okaň: