Iň täze habarlar

"HI-TECH Turkmenistan 2024" - Aşgabatda halkara maslahat we sergi

10.09.2024 | 18:45 |
 "HI-TECH Turkmenistan 2024" - Aşgabatda halkara maslahat we sergi

Şu gün Maýa goýum maslahatynyñ we pudaklaýyn sergisiniñ çäklerinde Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Halkara Ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyñ ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça "HI-TECH Turkmenistan 2024" atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Iki günlük wekilçilikli maslahaty abraýly gatnaşyjylary jemledi. Olaryñ arasynda ýurdumyzyñ döwlet we hususy edaralary, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Eýrandan, Germaniýadan, ABŞ-den, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Malaýziýadan dünýäniñ öñdebaryjy kompaniýalary, hususan-da ýokary tehnologiýa enjamlaryny öndürijileri we üpjün edijileri, öñdebaryjy tehnologiýalary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar bar diýip, "TDH" habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyñ Söwda-senagat palatasynyñ we "Oguzabat" hojalyk birleşiginiñ bilelikdäki tagallalary bilen gurnalan sergi öndürilýän harytlaryñ we hyzmat edişleriñ görkezilmeginde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyñ ýola goýulmagynda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüldi.

Giñ göwrümli sergi birnäçe bölümlere bölünen: suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, maliýe, bilim, senagat tehnologiýalary, marketpleýsler, ekologiýa we durnukly ösüş, lukmançylyk we biotehnologiýa, "akylly" şäher we gurluşyk, ulag we logistika, oba hojalyk we agrotehnologiýalar, energetika we energiýanyñ täzeden dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary we sanly geçiş.

Işewürlik we döwlet edaralary üçin niýetlenen programma üpjünçiligi we IT-hyzmatlarynyñ hem-de programma çözgütleriniñ işläp taýýarlamalaryna bagyşlanan stendler aýratyn üns çekijidir.

Sergide ministrlikler, pudaklaýyn kärhanalar ýaly döwlet edaralaryndan başga 50-den gowrak ýurduñ hususy kompaniýalary öz stendlerini ýerleşdirdiler.

Innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işe degişli mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalary Türkmenistanyñ ykdysadyýetine tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyñ ikinji ýarymynda dowam etdirildi.

Dialoga gatnaşmak üçin bilim we ylym edaralarynyñ ýolbaşçylary we jogapkär hünärmenleri, ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepleriniñ rektorlary we professor-mugallymlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyñ we halkara guramalarynyñ we birnäçe daşary ýurtly kompaniýalarynyñ wekilleri çagyryldy.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: