Jemgyýet
Türkmenistanda Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni duşenbe gününe geçirildi
05.10.2024
|04:05
|369
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ýekşenbe gününe gabat düşýändigi sebäpli Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni yza süýşürmek baradaky Permana gol çekdi.
Türkmen parlamentarileri Bişkekdäki Merkezi Aziýa zenanlar forumyna gatnaşýarlar
04.10.2024
|23:20
|388
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlar diologynyň forumyna gatnaşdy.
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
04.10.2024
|21:45
|332
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala 3-4-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapary wagtynda Hazarüsti ulag geçelgesini utgaşdyryjy ulgamyny işe girizmek bilen baglanyşykly ýokary derejeli çärä gatnaşdy.
2025-nji ýyldan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri giriziler
04.10.2024
|16:16
|631
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri we ýurduň syýahatçylyk kuwwatynyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly goşmaça çäreler giriziler. Degişli karary Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti kabul etdi diýip, “Daryo” internet-neşiri habar berýär.
Bişkekde Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
04.10.2024
|01:25
|430
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gyrgyz diline terjime edildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Bişkekde 3-nji oktýabrda “Gündogar şygyryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly maslahatyň çäginde geçirildi. Çärä Gyrgyzystan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi N.Golliýew gatnaşdy.
Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
03.10.2024
|16:15
|439
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady
03.10.2024
|00:50
|292
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sigeru Isiba wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde durmuş özgertmelerine ygrarlydygyny tassyklady
02.10.2024
|19:45
|483
Çarşenbe güni, 2-nji oktýabrda BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde, “Adam hukuklary we ösüş hukugy” mowzugynda ugurdaş çäre gurady.
Türkmenistan we USAID: ekologiýa we ykdysady özgerişler üçin bilelikdäki tagallalar
02.10.2024
|14:30
|399
Änjali Kaur, USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi (DAA), Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana bardy. DAA Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň Hökümetiniň esasy wekilleri bilen, şol sanda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmengaz we Türkmennebit bilen duşuşdy
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Aşgabada geldi
01.10.2024
|19:50
|297
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.