2024-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 11,3% ýokarlandy
11.11.2024 | 18:50 |Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlanyp, $867,8 milliona barabar boldy. Bu, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ($830,3 mln) 1,8% ýokarydyr.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda ilkinji onlugynda 6-njy orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen önümleriniň goňşy ýurda iberilmeginden ybaratdyr.
Ýagny Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 780,6 million ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy, bu bolsa 2023-nji ýyldakydan 11,3% köpdir.
20–21-nji noýabrda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň sergisi we Türkmenistan bilen Özbegistanyň sebitara forumy geçiriler.
Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “ Türkmenistanda öndürilen ” atly türkmen harytlarynyň milli sergisi uly üstünlik bilen geçirildi.
Ýakynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary iki ýurduň arasynda ýük daşamagy çaltlaşdyrmak maksady bilen “E-Permit” elektron resminamalaryň alyş-çalşygyny girizmek barada ylalaşdylar.
ORIENT