Ýaponiýanyň hökümeti doly düzümde işden gitdi
11.11.2024 | 14:15 |Ýurduň premýer-ministriniň saýlawlaryndan öň Ýaponiýanyň hökümeti doly düzümde işden gitdi. Bu barada “Kyodo” Ýaponiýanyň uly agentligi habar berýär.
Saýlawlar 27-nji oktýabrda esasy aşaky palatada geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça duşenbe güni parlamentiň özbaşdak sessiýasynda geçiriler.
Sigeru Isibanyň premýer-ministr wezipesine täzeden saýlanmaga uly mümkinçilikleri bar. Eger-de Isiba täzeden premýer-ministrlige saýlansa, duşenbe günüň dowamynda ol täze ministrler kabinetini düzer. Çaklaýyşlara görä, onuň düzümi üýtgemez diýen ýaly.
Mundan soňra hökümetiň täze düzümi imperator Naruhito tarapyndan tassyklanylar.
ORIENT News