Iň täze habarlar

Daewoo E&C: Türkmenistan biziň üçin geljegi uly bolan mümkinçilik hödürleýär

11.11.2024 | 19:35 |
 Daewoo E&C: Türkmenistan biziň üçin geljegi uly bolan mümkinçilik hödürleýär

Günorta Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy “Daewoo Engineering & Construction” duşenbe güni Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklaryna bagyşlanyp her ýyl geçirilýän “CIET 2024” halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin kompaniýanyň ýolbaşçysy Jong Won Junyň Türkmenistana eden sapary barada hasabat berdi.

3-5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen bu çäräniň dowamynda degişli ýolbaşçylar bilen duşuşyp, Daewoo-nyň Türkmenistanda mineral dökün zawodyny gurmak baradaky taslamada ýakynda gazanan ýeňşine esaslanyp, ýerli kärhanalary ösdürmek meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdy diýip, “Daewoo E&C” habar berýär.

5-nji noýabrda Jong Won Ju Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen gepleşikleri geçirdi.

1 Б.jpg

Jong Won Jo Annamämmedow bilen bolan duşuşygynda “Daewoo”-ny mineral dökün zawody taslamasy üçin potratçy hökmünde saýlanandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. “Günorta Koreýanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýasy hökmünde “Daewoo” bu tegigy serişdelere baý ýurda yzygiderli maýa goýumlary arkaly Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goldaw bermägi göz önüne tutýar.”

Aşgabatdan 450 kilometr gündogarda ýerleşjek kärhana ýylda 350 000 tonna fosfat dökünini we 100 000 tonna ammoniý sulfatyny öndürip biler. Aşgabatdan 450 kilometr gündogarda ýerleşjek kärhana ýylda 350 000 tonna fosfat dökünini we 100 000 tonna ammoniý sulfatyny öndürip biler. Taslama häzirki wagtda şertnamadan öňki tapgyrda we maliýe ylalaşyklarynyň ýakyn wagtda gazanylmagyna garaşylýar.

2 (8).jpg

Şeýle hem Jong Won Ju, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen paýtagtynda täze şäher gurluşyk meýilnamalary, şol sanda “akylly şäher” infrastrukturasy we köp gatly binalary gurmakda “Daewoo”-nyň toplan tejribesi bilen gyzyklandy. Jong Won Ju, Gandymowy “Daewoo”-nyň tejribesi we tehniki barlaglar bilen bu meýilnamalary goldamaga doly ygrarlydygyny ynandyrdy.

Daewoo E&C wekili Jong Won Ju-nyň sapary barada aýdylanlary jemläp: “Türkmenistan Wýetnamdaky“ Starlake City ”taslamamyz ýaly biziň üçin geljegi uly bir mümkinçilikdir. Biz Türkmenistany Merkezi Aziýada esasy bazara öwürmäge, “Daewoo”-nyň mümkinçiliklerini görkezmegi we ýerli ykdysady ösüşe goşant goşmagy maksat edinýäris” diýip, “The Korea Herald” öz habarynda belleýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: