Iň täze habarlar

Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin AUS 32 serişdesi öndürilip başlandy

27.11.2024 | 12:00 |
 Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin AUS 32 serişdesi öndürilip başlandy

Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. “Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” markaly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär.

Kärhana şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşygy we ösüşi” (ITTC-2024) atly sergisinde bu önümini tanyşdyrdy.

1

“Bir Kuwwat” HK-nyň direktorynyň orunbasary Maksat Nurberdiýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda kärhana ýurduň içerki bazarynyň täze türkmen önümi bilen üpjün edilmegine üns berýär, daşary ýurtlara eksporty bolsa indiki tapgyrda meýilleşdirýär.

BK Blue AUS 32 bu “Bir Kuwwat” HK-nyň ýeke bir gazanan üstünligi däldir. Mundan başga-da, kärhana giň ulanyşly BK Blue minerallaşdyrylmadyk suwuň önümçiligini ýola goýdy. Bu suw AUS 32 serişdesiniň önümçiligi üçin hem ulanylýar. Durmuşda ony kir we gap ýuwujy maşynlarda, ütüklerde we howany çyglandyryjylarda ulanmagy maslahat berilýär.

2

Senagat we hojalyk pudaklarynda ol ýylylyk energiýa geçiriji toplumlarynda we ýylylyk tabşyryjylarda, sowadyjy ulgamlarynda we çyglandyryjylarda ulanylýar.

“Ütük, ýylylyk geçiriji toplumlar, çyglandyryjylar we kir ýuwujy maşynlar ýaly köpsanly durmuş desgalarynda ýokary gyzgynlykly suwuklyk ulanylýar. Gyzgynlyk prosesinde suwuň düzümindäki duzlar we minerallar gabyň diwarlaryny örtüp duran gaty çökündileri emele getirýärler. Bu bolsa diwarlaryň ýogynlaşmagyna, energiýa sarp edişiň ýokarlanmagyna, netijede bolsa enjamyň çakdanaşa gyzmagyna we onuň döwülmegine getirýär. Arassalanan suwuň ulanylmagy çökündileriň döremegini aradan aýyrýar, bu bolsa tehnikanyň bejerilmegine we çalşylmagyna bolan artyk çykdajylaryň öňüni alýar” – diýip, Maksat Nurberdiýew belledi.

3

“Bir Kuwwat” HK-nyň ýene bir möhüm önümi awtomobillerde hereketlendiriji ulgamynyň doňmagynyň öňüni alýan antrfrizler bolup dur. Kärhananyň, esasan, Türkmenistanyň çäginde alynýan çig mal serişdelerini ulanýandygyny bellemelidir. Onuň ähli işi, ýagny önümiň goýberilmeginden olaryň daşalýan kanistra (gaplaryň) gaýtadan ýasalmagyna çenli, ekologiýa taýdan arassa önümçilige esaslanýar.

Kompaniýa müşderilere geljekde gaýtadan işlemek üçin öňki ulanylan gaplary yzyna gaýtarmagy teklip edýär, bu bolsa daşky gurşawa bolan ýaramaz täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: