Rus dilinde bilim alýan 6-njy synplar üçin "Edebiýat boýunça bibliografik teswirleme" neşir edildi
26.11.2024 | 16:15 |Türkmenistanda rus dilinde bilim alýan 6-njy synplar üçin "Edebiýat boýunça bibliografik teswirleme" neşir edildi (düzüjiler: G.Atadurdyýewa, L.Kasparowa, S.Musaýewa). Bu kitap okuw maksatnamasyna we oña bolan talaplaryna laýyklykda işläp taýýarlanyldy.
6-njy synp üçin "Edebiýat" okuw kitabyna girizilmedik eserlerini toplap, bu ýygyndy okuwçylary Gadymy Gresiýanyñ rowaýatlary, rus we daşary ýurt edebiýatynyñ nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyñ eserleri bilen tanyşdyrýar. Şeýle-de, okuw kitabynda hrestomatiýa tekstleri ýerleşdirilen.
Okuw kitabynda edebiýaty öwreniş adalgalaryñ gysgaça sözlüginiñ bardygyny hem bellemelidir.
ORIENT news