Iň täze habarlar

Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurtda inklýuziw bilimi ösdürýärler

26.11.2024 | 15:10 |
 Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurtda inklýuziw bilimi ösdürýärler

Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda inklýuziw bilimi durmuşa geçirmekde ýene bir möhüm ädim ätdi. Bu başlangyjy amala aşyrmakda inklýuziw bilim ýörelgelerini ornaşdyrmak we maýyplygy bolan hem-de aýratyn zerurlyklara mätäç bolan çagalaryñ adaty bilim edaralarynda üstünlikli bilim almaklary üçin oñaýly gurşawy döretmek maksady bilen 27-nji we 74-nji orta mekdepler hem-de 160-njy we 14-nji çagalar baglary saýlanyp alyndy.

Bu başlangyjy goldamak üçin UNICEF Portugaliýanyñ Bilim ministrliginiñ Inklýuziw bilim departamentiniñ başlygy, halkara bilermen Filomena Pereýrany çagyrdy. Bu ugurda baý tejribesi bolan Pereýra Ministrlige hem-de beýleki milli hyzmatdaşlara, şol sanda lukmançylyk işgärlerine, mugallymlara, durmuş üpjünçilik işgärlerine we köpçülikleýin hyzmatlary üpjün edijilere kuwwatlyklaryny ösdürmekde amaly maslahatlary bermekde öz goldawyny ýetirýär.

Dört sany synag edaralarda Maýyplaryñ hukuklary baradaky Konwensiýanyñ ýörelgelerine esaslanýan çagalary bahalandyrmagyñ netijesinde 74-nji orta mekdebinde şahsy goldawy talap edýän çagalaryñ 16-sy ýüze çykaryldy. Her bir saýlanan bilim edarasyndaky köptaraply toparlar, şol sanda müdirler, mugallymlar, çagalara seretmek boýunça hünärmenler hem-de lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi işgärleri her çaga bilim bermäge ýardam etmek we onuñ umumy bilim prosesine gatnaşmak üçin okatmagyñ şahsy meýilamalaryny işläp taýýarlap başladylar. Şol bir wagtyñ özünde goldaw beriji we inklýuziw gurşawda deñ münkinçilikleri üpjün etmek bilen toparlar maýyplygy bolan çagalar üçin goşmaça önümleri kesgitlemek hem-de her bir edarada meýilleşdirilen baryp ýetmek mümkinçilikleri gowulandyrmak üçin fiziki infrastrukturasyny bahalandyrmak işine başladylar.

Mundan başga-da, maýyplygy bolan çagalar üçin ýollary döretmekde pudagara hyzmatdaşlygy ösdürilip, bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik gulluklary tarapyndan olara toplumlaýyn goldawyñ berilmegini kepillendirýär.

"Her bir çaga ýokary hilli bilim almak we öz kuwwatyny açmak mümkinçiliklerini almaga mynasypdyr. Dört sany bilim edarasynda inklýuziw bilim gurşawyny döretmek bilen, biz inklýuziw mekdep çemeleşmesiniñ artykmaçlygyny açyp görkezmegi hem-de onuñ Türkmenistanyñ tutuş bilim ulgamyna ýaýradylmagyny maksat edinýäris" - diýip, Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniñ orunbasary Aleksandru Nartea belledi.

ORIENT news

Foto: Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: