Iň täze habarlar

Türkmenistanda 3-nji synp üçin "Tebigaty öwreniş" okuw kitabynyñ täze neşiri çap edildi

26.11.2024 | 15:51 |
 Türkmenistanda 3-nji synp üçin "Tebigaty öwreniş" okuw kitabynyñ täze neşiri çap edildi

Türkmenistanda rus dilinde bilim berýän umumybilim berýän orta mekdepleriñ 3-nji synp okuwçylary üçin "Tebigaty öwreniş" dersi boýunça okuw kitaby neşir edildi (awtorlar: Žanna Maştakowa, Annagözel Atdaýewa, Aşyr Keşikow).

Okuw kitabynyñ üçünji neşiri öñki neşirleriñ gaýtadan işlenilen materiallaryny öz içine aldy.

Daşky gurşaw, onuñ ýylyñ pasyllaryna görä üýtgemegi - 3-nji synp okuw maksatnamasynyñ esasy ugrudyr. Bu üýtgemeleri öwrenmekde janly we jansyz tebigatyñ arasyndaky ýönekeý özara gatnaşyklary ýüze çykýar. Daş-töwerekdäki predmetler, ýagdaýlar we hadysalar arkaly okuwçylar ýylyñ pasyllarynyñ üýtgemegine gözegçilik etmegi, ýazyñ, tomsuñ, güýzüñ, gyşyñ häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarmagy öwrenerler. Şeýle-de, ekologiýa boýunça başlangyç bilimleri edinerler.

Okuw kitabyndaky tekst materiallary foto şekiller we suratlar bilen utgaşdyrylan. Umuman, okuw kitabyñ materialy okuwçylara dünýä akyl ýetirmekde hem-de Ýer ýüzündäki her bir adam üçin tebigatyñ ähmiýetine düşunmekde ýardam eder.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: