Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk üçin bäş ýyllyk strategiýany taýýarlaýar
07.11.2024 | 04:00 |6-njy noýabrda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki taslamalaryň ýagdaýy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň täzelerini maliýeleşdirmek meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistan boýunça bäş ýyllyk strategiýasyny taýýarlamak ýaly ulgamlaýyn işi ýola goýmaga gönükdirilen tekliplere garadylar.
Şeýle hem söhbetdeşler “ýaşyl” şäherler, suw çeşmeleri ýaly beýleki ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar babatynda pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
ORIENT news