Halkara sergä gatnaşýan 100-den gowrak kompaniýalar bilen tanyşyň!
31.10.2024 | 11:45 |Siziň her biriňizde «Türkmenistanyň Gurluşygy, Senagaty we Energetikasy» – atly halkara sergisinde ýüzden gowrak kompaniýa tarapyndan hödürlenjek önümler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bar.
Bu, 2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda boljak möhüm we ähmiýetli waka bolar.
«Türkmenistanyň Gurluşygy, Senagaty we Energetikasy» – atly halkara sergisine gatnaşyjylaryň hatarynda birnäçe meşhur we iri kompaniýalar bar: EM-KAAKFİX, ACERO BUILDING, SYSTEMS, VinProf, AKFA, BUILDCLIVET, INDUSTRY CI LTD, ALTINYALDIZ, RUCKAHI CARRIER, ANNC CONSTRUCTIONXIAMEN CYSTAL PEARL IMPORT AND EXPORT CO., LTD, AVP KENT EKİPMANLARI, JIHOZVENT, JSC VOZROZHDENIE, IZOLYATOR-VV LLC, KIAN SHARGH IRAN, GHARB PANEL, ZAFAR, STEEL, EMEK, CTR, Cable Alliance Holding Corporation, JUNG, EthosEnergy, UZELTECHSANOAT ASSOCIATION, IRAN TRANSFO, Sumitomo.
Türkmenistanda we beýleki döwletlerde senagatyň, gurluşygyň we energetikanyň ösmeginde ähmiýetli bolmak bilen, ykdysadyýetiň bu pudaklaryna innowasiýa we maýa goýumlaryny özüne üns çekmegi üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýaly öňdebaryjy ministirlikler, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Aşgabat şäher Häkimligi we halkara sergi gurama kompaniýasy NET ORGANIZATION bu halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
«Türkmenistanyň Gurluşygy, Senagaty we Energetikasy» atly sergi - sebitleýin ýurtlarynyň energetika pudagynyň ykdysadyýetinde, gurluşyk pudaklarynda kuwwatyny giňeltmek, erkin senagat zolaklaryny döretmek, türkmen döwlet guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, gurluşyk we senagat boýunça ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Serginiň maksady gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, senagat we himiýa senagaty pudaklaryndaky häzirkizaman meseleleri we sebitleýin täze infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Geçiriljek bu sergi, gepleşikler, innowasiýa ösüşlerini we tehnologiýalaryny iş ýüzünde ulanmakda tejribe alyşmak üçin interaktiw meýdança bolup hyzmat eder. Wekiller häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlary, milli ykdysadyýetiň geljegi ulywe çalt depginde ösýän pudaklaryndan biri bolan gurluşykpudagynyň ösmegi bilen şäherlerde we obalarda durmuşyhal ýagdaýynygowlandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalar bilen tanşyp bilerler.
Bu halkara konferensiýasynyň we sergisiniň dowamynda geçiriljek çärelere döwlet edaralaryna, milli gurluşyk kärhanalaryna, birleşiklere we assosiasiýalara, ylmy-taslama, halkara gurluşyk kompaniýalaryna we bilim edaralaryna wekilçilik edýän köp sanly gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
ORIENT news