Hytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýollady
30.10.2024 | 12:25 |Hytaý düzüminde üç taýkonawtly “Şençžou-19” älem gämisini özüniň “Týangun” orbita stansiýasyna ýollady. China Daily-nyň habar bermegine görä, goýberiş 30-njy oktýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan pekin wagty boýunça sagat 04:27 “Çançžen-2F” raketa-göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.
“Şençžou-19” sürüji gämisiniň goýberilişi Hytaýyň Merkezi teleýaýlymynda görkezildi. Meýilnama laýyklykda, onuň “Týangun” (Asman köşgi) orbita stansiýasy bilen birleşmegi şol günüň özünde amala aşyrylmaly. “Şençžou-19” ekipažyna 2022-nji ýylda eýýäm “Týangun” stansiýasynda ýarym ýylyň dowamynda işlän Saý Sýuçže ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de gämi toparyna äleme çykan üçünji hytaý zenany hem-de Hytaýda ilkinji zenan-bortinženeri bolan taýkonawt Wan Haosze girýär. Ekipažyň üçünji agzasy 1990-njy ýyldan soň doglan ilkinji taýkonawt Sun Lindun.
“Şençžou-19” gämisi stansiýada 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna ýa-da maý aýynyň başlaryna çenli bolar. Olar älem biologiýasy, mikrograwitasiýanyň fundamental fizikasy, älem materiallaryny öwreniş, älem lukmançylygy we beýleki dürli ugurlar boýunça 86 sany ylmy barlaglary geçirerler. Şeýle-de älem zyňyndylaryndan goramak üçin enjamlary ýerleşdirmek maksady bilen olaryň açyk äleme çykyşlary göz öňünde tutulan.
ORIENT news