Iň täze habarlar

Google-iň EA-gözlegi indi 100 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda hem elýeterli

29.10.2024 | 11:00 |
 Google-iň EA-gözlegi indi 100 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda hem elýeterli

Google amerikan kompaniýasy AI Overviews funksiýasynyň işe girizilendigi barada habar berdi. Ol 100-den gowrak ýurtda, şol sanda Türkmenistanda elýeterli bolup, gözleg haýyşlaryna emeli aň tarapyndan generirlenen gysgaça maglumat hökmünde çykyş edýär.

Goşulan ýurtlaryň doly sanawy Google-iň resmi saýtynda ýerleşdirilen.

The Verge amerikan web-saýtyna laýyklykda, emeli aň tarapyndan jemlenen maglumatlar ähli elýeterli dillerde, şol sanda iňlis, hindi, indoneziýa, ýapon, portugal we ispan dillerinde görkeziler. Bu diýmek, ABŞ ýaly ýurtdaky ulanyjylar ispan dilinde gözleg amala aşyryp, şol dilde hem jemlenen maglumatlary alyp bilerler.

Mundan başga-da, EA maglumatlardaky başganyň sözi hökmünde alynan çeşmeleriň salgylanmalary has görnükli boldy. Indi has köp maglumatlary almak üçin ulanyjylar aňsatlyk bilen baş çeşmä geçip bilerler.

AI Overviews funksiýasy ilkinji gezek ABŞ-de maý aýynda girizildi, awgustda bolsa Beýik Britaniýadaky, Hindistandaky, Ýaponiýadaky, Indoneziýadaky, Meksikadaky we Braziliýadaky ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Ol web-saýtlary seljerip, gözleg edilen kontenti umumylaşdyrýar.

ORIENT news

Foto: vulcanpost.com

Şeýle hem okaň: