BMG “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etdi
26.10.2024 | 04:35 |2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.
Şeýle hem daşary işler ministri “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Bu geňeş döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär.
Şunuň bilen baglylykda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan “2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna” garamak teklip edilýär.
ORIENT news