Iň täze habarlar

Emeli aň boýunça “Beruni adyndaky ÝUNESKO-Özbegistan” halkara baýragy döredildi

28.10.2024 | 15:45 |
 Emeli aň boýunça “Beruni adyndaky ÝUNESKO-Özbegistan” halkara baýragy döredildi

“Beruni adyndaky ÝUNESKO-Özbegistan” halkara baýragy döredildi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.

Baýrak emeli aň boýunça etik barlaglary we işläp taýýarlamalary goldamaga gönükdirilen. Ol emeli aň babatda etikanyň we inklýuzwiligiň ösdürilmegine, şeýle hem halkara ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berýän möhüm taslamalar üçin iki ýylda bir gezek gowşurylar.

Ýeňijiler garaşsyz halkara emin topary tarapyndan saýlanylýar. Olar pul baýragy, şahadatnama we dünýä ylmyna goşan goşandyny ykrar edýän medal bilen sylaglanar.

Ilkinji gowşurylyş dabara 2025-nji ýylyň noýabrynda Samarkad şäherinde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Baş koneferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň çäklerinde bolup geçer.

Baýragy döretmek başlangyjy bilen Özbegistanyň Prezidenti çykyş etdi. Bu başlangyç Parižde 2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi.

ORIENT news

Foto: yuz.uz

Şeýle hem okaň: