Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň kärdeşler arkalaşygynyň wekilleri bilen duşuşdy

25.10.2024 | 08:25 |
 Türkmen wekiliýeti Hytaýyň kärdeşler arkalaşygynyň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümindäki türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň kärdeşler arkalaşygynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşyk HHR-iň Hunan welaýatynyň Çanşa şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ilkinji kärdeşler arkalaşygynyň başlygy T.Gulamow we onuň işjeň agzasy Ýu.Tuwakow Hunan welaýatynyň Söwda-hünär institutynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada malshatlaşdylar.

Hususan-da, taraplar tejribe alyşmak mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle-de, türkmen wekiliýeti Hunan welaýatyndaky daşky gurşawy goramak baradaky paýdarlar jemgyýetine baryp, kompaniýanyň iş prosessleri hem-de onuň işgärleriň hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirýän çäreleri bilen tanyşdy.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: