Türkmenistan Almatyda geçirilýän “Merkezi Aziýada durnuklylyk üçin ýaşlar” forumyna gatnaşýar
29.10.2024 | 00:42 |28-nji oktýabrda Almaty şäherinde sebitdäki zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryna bagyşlanan “Merkezi Aziýanyň durnukly geljegi üçin ýaşlar” atly forumy öz işine başlady. Çärä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, şol sanda döwlet edaralarynyň wekilleri, dini ýolbaşçylary, döredijilik adamlary we ýaşlary gatnaşdy.
Forum Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) sebitleýin başlangyjynyň we Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe goldawynyň çäginde gurnaldy. Forumyň maksady, Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizme garşy göreşmegiň serişdesi hökmünde durnukly jemgyýetleriň döremegine goldaw bermekden ybarat.
Forum, täze başarnyklary ösdürmek üçin başlangyçlaryň ähmiýetini açyp, ýaşlaryň mümkinçilikeri arkaly meseleleri çözmek üçin meýdançany üpjün etdi.
Forumyň esasy sessiýasy, zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin möhüm strategiýa hökmünde ýaşlary iş bilen üpjün etmeklige bagyşlandy; Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden hökümet edaralarynyň wekillerini ýygnady.
Ara alyp maslahatlaşmalarda ýaşlaryň radikallaşmagynyň öňüni almakda dini we ýerli jemgyýetleriň ähmiýeti hem öwrenildi. Şeýle hem, gatnaşyjylar hususy pudagyň ýaşlaryň telekeçiligini we iş üpjünçiligini ösdürmekde berýän goldawyny ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news