Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy “OGT-2024” çäklerinde iň gowy gazananlaryny görkezýär
25.10.2024 | 12:00 |Dünýäniň nebiti gaýtadan işleýän pudagynda öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” Maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde özüniň iň möhüm gazananlaryny görkezýär. Çäre önümçilik kuwwatlylygyny döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde köpýyllyk tagallalarynyň netijelerini açyp görkezmek üçin özboluşly meýdançany hödürleýär.
Köp ýyllaryň dowamynda zawody giňeltmek we dikeltmek boýunça birnäçe işler geçirildi. Esasan hem, möhüm özgerişlikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginden soňra bolup geçdi, bu bolsa TNGIZT-e dünýäniň nebiti gaýtadan işleýän ulgamynda esasy gatnaşyjy bolmaga mümkinçilik berdi. Şu gün toplum nebit we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi, şeýle hem içerki we daşarky bazarda satyn alynýan nebit himiýa önümeriniň önümçiligi bilen meşgullanýar.
Toplumyň düzümine nebiti başlangyç gaýtadan işleýän dürli desgalar girip, gaýtadan işlenilmegiň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Kärhananyň esasy tehnologiýa ulgamy ELDAD-HT bolup, katalitik kreking we reforming işlerini, uçar dwigatelleri, dizel ýangyjy üçin ýangyjy arassalamak işlerini, olefinleriň alkilirlemek we ýeňil gazlaryň izomerizasiýa işlerini, şeýle-de polipropilen örtmeleriň, bitumyň, umumy we guradýan ýag örtmeleriň, polipropileniň we polipropilen torbalaryň önümçilik işlerini amala aşyrýar.
Zawodyň infrastrukturasy gaz turba elektrik generator desgalaryny, deňiz suwy üçin süýjediji desgalary, bug generatorlaryny, ikilenç suwuň sowadyjylaryny, sorujy stansiýalary, ätiýaçlyk parklaryny we elektrik beketlerini öz içine alyp, bu bolsa ähli önümçilik prosessleriniň ygtybarly işini üpjün edýär. Toplumyň ýokary hilli önümleri Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogara eksport edilýär.
TNGIZT-iň ösüşiniň esasy ugurlary iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürýän önümleriň hilini ýokarlandyrmakdan, onuň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan we halkara standartlaryna, şol sanda daşky gurşawy goramak standartlaryna laýyk gelmeginden ybarat. UOP A Honeywell Company, Axens IFP Group Technologies, BASELL POLYOLEFINS, Du-Pont-STRATCO®, Chiyoda, TECHNIP, JGC Corporation, LG International Corp., Hyundai Engineering Co., Ltd we beýleki dünýä liderleri bilen hyzmatdaşlyk öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önümçilik kuwwaltkylaryny ýokarlandyrmaga we önümleriň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
“OGT-2024” Maslahatynda we sergisinde TNGIZT buýsanç bilen öz gazananlaryny görkezip, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşinde we onuň dünýä bazarynda ornunyň pugtalandyrylmagynda kärhananyň möhüm ähmiýetini aýratyn açyp görkezýär.
ORIENT news