BOMKA Merkezi Aziýanyň serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin seminar geçirdi
29.10.2024 | 14:50 |Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda Taşkentde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guralan serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin niýetlenen seminar-hakatona gatnaşdy. Bu barada Maksatnamanyň saýtynda habar berilýär.
Ol Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunyň metbugat gulluklaryny birleşdiren ilkinji çäresi boldy. Seminar sebit derejesinde metbugat gulluklarynyň arasynda jemgyýetçilik aragatnaşyklary ulgamy boýunça öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin meýdança öwrülip, degişli pudaklaýyn edaralara öz aragatnaşyk strategiýalaryny we çemeleşmelerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýewropa bilermenleriň ýolbaşçylygynda geçirilen bu çäre nazaryýeti we amaly ýumuşlary utgaşdyrdy, olaryň dowamynda gatnaşyjylar häzirki zaman aragatnaşyk gurallary hem-de serhetleri, migrasiýa we gümrük gözegçiligini dolandyrmak meselelerini şöhlelendirmekde netijeli beýan ediş usullary bilen tanyşdylar.
ORIENT news