Iň täze habarlar

Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby çap edildi

25.11.2024 | 10:43 |
 Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby çap edildi

Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň III synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň 3-nji neşiri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

M.Nurlyýewanyň O.Garaýewanyň hem-de O.Nuryýewanyň awtorlygyndaky bu okuw kitaby “Meniň mekdebim”, “Men we meniň daş-töweregim”, “Meniň hepdäm”, “Beden agzalary”, “Ýol hereketi”, “Pasyllar”, “Wagt (sagat)”, “Meniň günüm” we “Meniň Watanym” ýaly baplardan ybarat. Bu temalary özleşdirmek üçin taýýarlanylan öwrediji ýumuşlar we gönükmeler daşary ýurt dili sapagyna mahsus bolan esasy 5 endigi: diňleýiş, sözleýiş, okuw, ýazuw we terjime endiklerini ösdürmäge niýetlenen.

“Nemes dili. 3” okuw kitaby taýýarlananda okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýönekeýden çylşyrymla geçmek ýörelgesi esasynda, şeýle hem öňdebaryjy daşary ýurt tejribesinden netijeli peýdalanyldy.

III synp üçin çap edilen “Nemes dili” okuw kitabynyň mazmuny we ondaky temalar bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar ösüp gelýän ýaş neslimize nemes dilini netijeli öwretmäge, olarda dil öwrenmeklige bolan gyzyklanmany hem-de höwesi ýokarlandyrmaga uly itergi berer.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň III synpy üçin “Nemes dili” okuw kitaby okuwçylaryň nemes dilinde diňläp düşünmek, okamak, ýazmak, berlen sowala düşünmek we jogap bermek, gürlemek, sözlemleri terjime etmek, grammatiki we orfografiki kadalary ulanyp bilmek ýaly ukyp-başarnyklaryny we endiklerini artdyrmaga hem-de öwrenilýän diliň ýurdunyň, şeýle-de eziz Watanymyzyň medeniýetiniň hem-de däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny öwrenmekde we gözýetimini giňeltmekde has ähmiýetli bolar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: