Iň täze habarlar

Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy

20.11.2024 | 19:35 |
 Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy
 Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy
 Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy
 Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy
 Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy
 Aşgabatda DESSANGE fransuz brendiniñ ikinji gözellik merkezi açyldy

"Arkaç" söwda merkezinde DESSANGE brendiniñ ikinji gözellik merkeziniñ dabaraly açylşy geçirildi. Bu waka paýtagtyñ ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrülip, Türkmenistanda franşizanyñ eýesi bolan Wiktoriýa Kuliýewa üçin ähmiýetli pursat boldy. Sebäbi şol gün Aşgabatda ilkinji gözellik merkeziniñ açylmagyndan bäri hut 5 ýyl geçdi.

Çäre gyzyl haly düşeginde myhmanlary mähirli garşylamakdan başlady. Girelgede myhmanlary gözellik merkeziniñ administratorlary we stilistleri garşy aldylar, zalda bolsa DESSANGE wideo ýazgylary bilen utgaşdyrylan ýakymly saz ýañlanýardy.

Çäre 200-den gowrak myhmanlary ýygnap, olaryñ arasynda Türkmenistandaky Fransiýanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniñ gatnaşmagy aýratyn üns çekdi. Onuñ gelmegi geçirilýän dabaranyñ ähmiýetini hem-de DESSANGE fransuz brendiniñ we Türkmenistanyñ arasyndaky özboluşly gatnaşyklaryny açyp görkezdi.

Çäräniñ resmi bölegi DESSANGE brendiniñ Türkmenistandaky eýesi Wiktoriýa Kuliýewanyñ çykyşyndan başlady. Ol brendiñ gazananlary we geljek meýilleri bilen tanyşdyrdy.

Çärä gatnaşmak üçin Aşgabada DESSANGE pariž edarasyndaky wekili Marion Bahin gelip, ol gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol brendiñ özboluşlylygy barada belläp, şeýle diýdi:

"DESSANGE - bu bir ýönekeý gözellik salony däldir, bu gözelligi, stili we şahsy çemeleşmäni utgaşdyrýan filosofiýadyr. Däplerimiziñ we hil standartlarymyzyñ tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda zenanlaryñ, erkek adamlaryñ, hatda çagalaryñ hem ýüreklerinde yz goýýandygyna biz diýseñ begenýäris".

Agşamlyk dabarany moda görkezilişi bezedi, onda türkmen kutýurýe Göwher Guwerneñ DESSANGE gözellik merkeziniñ stilistleri bilen bilelikdäki modelleri görkezildi. Bu babatda umumy keşbiñ döredilmeginde esasy orun tutan saç timarlaryna aýratyn üns berildi.

Brendiñ taryhynda täze tapgyry alamatlandyran yşyk şüweleñi we konfetti bilen utgaşdyrylan baýramçylyk torty agşam dabarasynyñ iñ täsirli pursady boldy.

Gözellik merkeziniñ açylmagy dabaranyñ jemleýji pursady boldy. Myhmanlar ilkinji bolup täze DESSANGE gözellik merkeziniñ içki bezegleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Merkez ýokary premium görnüşli hyzmatlaryñ birnäçesini, şol sanda saçlara ideg bermekden toplumlaýyn gözellik maksatnamalaryna çenli hyzmatlary hödürleýär.

Täze DESSANGE gözellik merkezi hakyky gözelligi döretmekde toparyñ stiliniñ, hiliniñ we ýokary taýýarlygynyñ birleşýän yeri boljakdygynda ynandyrýar.

Salgysy: Magtymguly şaýoly, 35, "Arkaç" Söwda merkezi

Telefon belgileri: (+99361) 55-77-55

Instagram: dessange_turkmen

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: