Diýarbekire ajaýyp syýahat: türkmen syýahatçylaryñ duýgylary
21.11.2024 | 19:35 |Diýarbekir - Tigr derýasynyñ boýunda ýerleşen Gündogar Türkiýäniñ gadymy sebitleriniñ biridir. Hut şu ýer, Tigr bilen Ýewfrat derýalarynyñ jülgesi adam siwilizasiýasynyñ dörän ýeridir. Ýurdumyzyñ syýahatçylyk kompaniýalarynyñ wekillerinden ybarat bolan türkmen syýahatçylaryñ topary Turkish Airlines howa kompaniýasy tarapyndan guralan ajaýyp syýahata ugrady.
Meşhur Zerzewan jaýy ilkinji duralga bolup, ol ýerde gatnaşyjylar üçin Diýarbekiriñ daş binagärçiligi gurşawynda adaty ertirlik nahary taýynlandy. Soñra türkmen syýahatçylaryñ topary sebitiñ özboluşly saz däpleriniñ saklanyp galan ýeri bolan Deñbeý Öýüne ugrady. Ol ýerde myhmanlar nesilden-nesle geçirilýän halk aýdymlarynyñ ýerine ýetirilişiniñ şaýady boldylar.
XIX asyrda gurlan Jemil-Paşa jaýy syýahatyñ esasy ýerleriniñ biri boldy. Häzirki döwürde muzeý hökmünde hyzmat edýän bu bina Diýarbekiriñ adaty binagärliginiñ nusgasydyr. Soñra gezelenje gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyñ umumyadamzat mirasynyñ sanawyna girizilen şäheriñ taryhy diwarlaryny syn etdiler. Bu desgalardaky ýazgylar we bezegler şäheriñ müñýyllyk taryhyndan beýan edýärler.
Anadolynyñ gadymy metjitleriniñ biri bolan Ulu metjidi özünde yslam, rim we wizantiýa elementlerini jemläp özboluşly binagärligi bilen ünsi çekdi. Şeýle-de syýahatçylar dört sütünde duran ajaýyp gurluşly Dört aýakly minarasyna baryp gördüler. Däbe görä, bu sütünleriñ aşagyndan geçmeklik parahatçylygyñ we agzybirligiñ nyşanydyr.
Ýakyn Gündogarda iñ uly kilise bolan Surp Giragos ermeni kilisesi hem-de Hasan-Paşa kerwensaraýy örän täsirli bolup, ol ýerde myhmanlar taryhy howlyda lezzetli kofe tagamyny dadyp bildiler.
Tigriñ boýunda ýerleşen Hewsel baglary öz tebigy gözelligi we baý oba hojalyk mirasy bilen haýran galdyrdylar. Günuñ ahyrynda syýahatçylar Diýarbekir arheologiýa muzeýine baryp, gadymy zamanlardan başlap osmanly döwrüne çenli sebitiñ taryhy bilen tanyşdylar.
"Beroş" restoranyndaky agşamlyk naharynda ýerli aşhananyñ adaty tagamlary berildi, bu hem günüñ ýakymly tamamlanmak pursady boldy. Topar "Mitra" myhmanhanasynda durup, täze açyşlara taýýar.
Bu guralan syýahat oña gatnaşyjylara taryhyñ, medeniýetiñ we tebigatyñ ajaýyp sazlaşygyndan lezzet almaga mümkinçiligi sowgat berdi. Syýahatyñ ilkinji güni ýatdan çykmajak bolup, syýahatçylara gözel Diýarbekiri açyp berdi.
Syýahatyñ dowamy baradaky giñişleýin maglumatlaryny ORIENT saýatynda tapyp bilersiñiz. Turkish Airlines-yñ hödürleýän hyzmatlary bilen howa kompaniýanyñ resmi saýtynda tanyşyp bilersiñiz.
Türkmenistanda "Türk howa ýollarynyñ" birnäçe ygtyýarlandyrylan agentleriniñ bardygyny bellemeli. Olaryñ arasynda "Hoş Syýahat" HJ hem-de "Eşretli Syýahat" HJ.