Iň täze habarlar

Duşanbede türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri geçirildi

21.11.2024 | 14:21 |
 Duşanbede türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri geçirildi

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna – onuň kärdeşi Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyk iki ýurduň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädim boldy. Geňeşmä gatnaşyjylar ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň möhümdigini bellediler we halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde bilelikdäki işe ünsi jemlediler.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky häzirki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşini bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin esas döredýän şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar eksport-import amallarynyň mukdaryny artdyrmak, harytlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, şeýle hem söwda we ykdysady ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy gün tertibinde möhüm orny eýeledi. Diplomatlar ylym we bilim pudagynda özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesini bellediler we yzygiderli medeni we ylmy alyş-çalyşlary guramagyň möhümdigini bellediler.

21112024-turkmeno-tadzhikskie-politicheskie-konsultacii (3).jpg

Täjigistana saparynyň çäklerinde Ahmet Gurbanow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen hem duşuşdy. Taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: