Iň täze habarlar

Türkmen diplomatlary we Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary dialogyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

27.10.2024 | 22:25 |
 Türkmen diplomatlary we Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary dialogyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Kiýewdäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary Andreý Gorçakow, Katerina we Olga Krawçuk bilen duşuşyk geçirildi.

Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýeti 1948-nji ýylda esaslandyrlyp, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmekde ýurduň iri hökümet däl jemgyýeti hasaplanylýar. Häzirki wagtda alymlar, professorlar, mugallymlar we medeniýet işgärleri onuň agzalygyna girýär.

Andreý Gorçakow Jemgyýetiň düzüminde hususy uniwersitet hereket edip, ol ýerde dürli ugurlar boýunça okuw kurslaryň geiçrilýändigi we ýokary bilim baradaky diplomyň dünýäniň köp ýurtlarynda ykrar edilýändigi barada belledi. Munuň bilen baglylykda, “Znaniýe” Jemgyýetiniň wekili Türkmenistanyň raýatlaryny talyp hökmünde kabul etmäge taýýardygynda ynandyrdy diýip, ilçihanada habar berildi.

Medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen myhmanlar tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ilçihanasy bilen bilelikde sergileriň, konsertleriň we başga çäreleriň geçirilmegine taýýardygy barada bellenildi.

Ilçi Toýly Ataýew, öz gezeginde, ylym, bilim, medeniýet pudaklary Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň bolandygyny belläp, ukrain tarapyna Ilçihananyň bu babatda alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Hususan-da, şu ýyl Ukrainada we bütin dünýä jemgyýetiçiligi tarapyndan beýik türkmen akyldary we Gündogaryň şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň bellenilýändigi barada hem aýdyldy.

ORIENT news

Foto: ukraine.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: