TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 22 geleşik hasaba alyndy
25.11.2024 | 11:47 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 22 geleşik hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologiýa desgalarynda işlenilen suwaldylan gazy we ýagtylandyryjy nebiti satyn aldylar. Täjigistanyň işewürleri suwaldylan gazy (“Türkmengaz” DK), Owganystanyň telekeçileri bolsa ECO-93 awto benzinini (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň umumy bahasy 42 mln 586 müň amerikan dollara baraba boldy.
Içerki bazara türkmen işewürleri umumy bahasy 23 mln 430 müň manada barabar bolan han ýüplükleri we dokma önümçiliginiň galdyndylaryny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news