Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

BAE-niň ilçihanasy Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça milli ýygyndysyna italýan welosipedini sowgat berdi

22.11.2024|16:15|
1024
bae-nin-ilcihanasy-turkmenistanyn-welosiped-sporty-boyunca-milli-yygyndysyna-italyan-welosipedini-sowgat-berdi
Surat çeşmesi: BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça milli topary Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasyndan – Italiýanyň “Colnago” brendiniň dört sany welosipedini sowgat aldy. Bu barada BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryş welosipedleriniň gowşurylyşy resmi duşuşykda bolup geçdi, şol ýerde BAE-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy Döwlet Annaýewe gowşurdy.

Bu işler iki ýurduň arasynda sport we bedenterbiýe pudagyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy görkezdi.

ORIENT news